Germaniýada gadymy rimlileriň söweş atlarynyň aramgähi tapyldy

  • 09.05.2025 01:33
  • 8.5k+

Arheologlar Germaniýada Rim imperiýasy döwrüniň atlarynyň mazarlygyny tapdy. Bu barada The Independent gazeti habar berýär.

Taryhçylar bu jandarlaryň ala diýlip atlandyrylan II asyryň atly goşun bölümine gulluk edendigini anyklady. Ol adaty goşundan uly bolup, 5400-den gowrak adamy öz içine alypdyr. Bölüm häzirkizaman günorta-günbatar Germaniýanyň çäginde hereket edipdir.
Rim imperiýasynyň gülläp ösen döwründe häzirki Ştutgartyň golaýyndaky sebit möhüm harby merkezine öwrülipdir. Ol ýerde 700-den gowrak at we tas 500 çapyksuwar bolupdyr.
Bu tapyndy seýrek hasaplanýar. Mazarlykda ýüzden gowrak at we bir erkek adam bar. Alymlar munuň rimlileriň atlary harby maksatlar üçin nähili ulanandygyna has gowy düşünmäge kömek etjekdigini belleýär.
Arheologlaryň aýtmagyna görä, ölen haýwanlar at galasyndan, takmynan, 400 metr we raýat şäherçesinden, takmynan, 200 metr uzaklykda jaýlanypdyr. Läşler arabada daşalypdyr we gapdal ýatyrylyp, çuň bolmadyk çukurlarda jaýlanypdyr.
Galyndylara görä, atlar dürli wagtda kesel ýa-da şikes sebäpli ölüpdir.
Atlaryň biri iki sany küýze we uly bolmadyk ýag çyrasy bilen birlikde tapyldy.

“Bu ýerde biz eýesiniň öz aty bilen aýratyn ýakyn arabaglanyşygyny görýäris. Hatda 1800 ýyldan soň hem bu jandaryň ölümine gynanç henizem duýulýar” – diýip, arheolog Sara Rot belledi. 


düýn 11:37
3.5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
2.4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.4k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.3k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......