"Intuitive Machines" Moon RACER Aý roweri üçin özbaşdak ulgam döretdi

  • 08.05.2025 15:53
  • 1.9k+

Intuitive Machines kompaniýasy Moon RACER Aý ulagy üçin awtonom hereketlendiriji ulgamyny işläp taýýarlamagy üstünlikli tamamlady. 2024-nji ýylyň aprelinde NASA Lunar Terrain Vehicle Services (LTVS) taslamasy üçin şertnama alandan soň enjamyň üstünde işlenip başlandy.

Ulgam daşky gurşawy ýeňil impulslar bilen skanirlemek arkaly üç ölçegli kartany döredýän LiDAR tehnologiýasyny ulanýar. Bu Aý ulagyna özbaşdak hereket etmäge, ýük daşamaga, gözleg geçirmäge we kosmonawtlar gatnaşmazdan maglumat ýygnamaga mümkinçilik berýär.

"Aýda kosmonawtlaryň uzak wagtlap bolmaýan döwri bolýar we biz awtonom sürülýän ulagyň ylmy barlaglaryň we täjirçilik işleriniň üznüksiz dowam etdirilmeginiň açarydygyna ynanýarys" – diýip, taslamanyň baş inženeri Geri Speksart belledi.

Netijäni gazanmak üçin topar birnäçe synag geçirdi. 2024-nji ýylda Aý ulagynyň maketi guruldy we “Apollon” missiýasynyň weteranlary Çarli Dýuk we Harrison Şmitt onuň ulgamlaryna baha berdiler. Noýabr aýynda Aý şertlerini simulasiýa edýän “Meteor kraterinde” synaglar geçirildi. Dekabr aýynda skafandrly  kosmonawtlar NASA-nyň Jonson adyndaky Kosmos uçuşlary merkezinde Moon RACER-iň dolandyrylyşyny we howpsuzlygyny barladylar. Synaglaryň soňky tapgyry 2025-nji ýylda NASA-nyň astronawtlaryna täzelenen Aý ulagy hödürlenende tamamlandy.
Intuitive Machines indi “Rover” -iň iberilmegini we görkezilmegini öz içine alýan LTV programmasynyň indiki tapgyryna üç dalaşgäriň biri. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli NASA-nyň karara gelmegine garaşylýar.


şu gün 10:53
895

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....