Ýerdäki tokaýlaryň iň takyk we jikme-jik kartasy hödürlendi

  • 08.05.2025 14:02
  • 5.9k+

Tokaýlarda saklanýan biomassany takyk ölçemek klimatyň üýtgemegine we uglerod aýlawyna dogry düşünmek üçin örän möhümdir. Şonuň üçin hem Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Biomass» atly täze hemrany uçurdy. ESA bar bolan maglumatlary täze alnan maglumatlar bilen birleşdirip, tokaýlaryň häzirki güne çenli taýýarlanan iň jikme-jik kartasyny hödürledi.

Bu karta 2007-2022-nji ýyllar aralygynda dürli hemralar tarapyndan ýygnalan maglumatlara esaslanýar. Ol tokaý örtügini, şeýle-de her gektar başyna näçe tonna biomassanyň düşýändigini görkezýär.
Agaçlar ösdügiçe has köp mukdarda uglerody özüne siňdirip saklaýar, bu bolsa howanyň arassalanmagyna ýardam berýär. Emma tokaý ýangynlarynda ýa-da agaçlar köpçülikleýin çapylanda, toplanan uglerod gaýtadan atmosfera goýberilýär.
Täze karta alymlara, hökümetlere we guramalara tokaýlary goramakda we klimatyň üýtgemegine garşy çäre görmekde ýardam berer.


şu gün 00:18
1.3k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
3.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....