Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy

  • 07.05.2025 11:05
  • 2.8k+

Fransiýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasynda geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Fransiýanyň “MEDEF-International” halkara assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gautýe garşylady.

“MEDEF-International” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bu forumyň oňa gatnaşýan fransuz kompaniýalary üçin taryhy wakadygyny hem-de onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny nygtap, çäräniň giň wekilçilikli düzüminiň Türkmenistanyň özüne çekijiligini görkezýändigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň guralandygy hem-de türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin fransuz tarapyna minnetdarlyk bildirip, forumdaky çykyşynyň üç ugurdan ybaratdygyny belledi. Olaryň birinjisi Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.
Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlary goýmak, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekdi:

  • Birinjiden, fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge taýýarlyk mälim edildi. "Aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäge taýýardyrys" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
  • Ikinjiden, Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris. Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
  • Üçünjiden, kiçi we orta fransuz kärhanalaryny biziň ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek zerur bolup durýar.
  • Dördünjiden, Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys.
  • Bäşinji ugur hökmünde Türkmenistan ýokarda bellenenleriň ählisi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär. "Biz ýokarda beýan edilen we beýleki teklipleri iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Türkmenistanyň işewürleriniň hem şu günki duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.

20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......