Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýada “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 07.05.2025 10:22
  • 5k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa resmi saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň kabulhanasynda Marten Buig bilen duşuşygy boldy diýip, TDH habar berýär.

“Buig” kompaniýasy Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri bu kompaniýa bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi. Bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen ençeme taslamalar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Kompaniýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär. Şunda bu düzümiň iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini öwretmek boýunça goşýan goşandy barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda kompaniýa tarapyndan gurlan, fransuz diline ýöriteleşdirilen mekdebiň hereket edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, kompaniýanyň ýolbaşçysyna netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan minnetdarlygyny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de “Buig” fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.
Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny aýtdy we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......