Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa bardy

  • 05.05.2025 18:28
  • 15k+

Şu gün, 5-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Orly” Halkara howa menziline gelip gondy.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Fransiýanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar diýip, TDH habar berýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......