Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy

  • 02.05.2025 16:31
  • 17k+

Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir.
Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar. 


Şeýle hem howa menziliniň çäginde barlag geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň we uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, şeýle hem birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar.
Howa menzilinde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi we 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, şeýle hem dolandyryş diňi bar. Dolandyryş diňiniň beýikligi 44,05 metr, umumy meýdany 410,92 inedördül metre deň bolup, onuň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.


Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Toplumyň düzüminde, şeýle hem menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag duralgalary bar.
Täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.








düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......