Awazada geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara forum guralar

  • 02.05.2025 16:13
  • 8.4k+

2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy guralar. Bu barada penşenbe güni Balkan welaýatynda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa habar berdi.

D.Gulmanowa bu forumyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn tejribesini, halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi. Şeýle hem deputatlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, türkmen Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara maslahata we parlamentara foruma gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny belledi.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......