Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 30.04.2025 23:38
  • 9.2k+

Şu gün, 30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň 100-e golaý ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilendigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahata Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny bellediler. Şunda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, şeýle hem german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen Forumynyň orny aýratyn nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz himiýa senagaty, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, dokma pudagy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan «Basf», «Man», «Doýçe Ban» we «Tissenkrup» ýaly german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi, şeýle hem «Simens», «Knauf» kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, «Ýaşyl ykdysadyýet», energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde bellenildi.
Maliýe ulgamynda ýurdumyz «Doýçe Bank», «Kommersbank» we «Doýçe Bundesbank» ýaly german banklary bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany suratda «Siemensiň» turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk kaliý mineral dökünini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde belli german «Tissen Şahbau» Thyssen Schachtbau GmbH) we «Şahbau Nordhauzen» (Schachtbau Nordhausen GmbH) kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa «Basfyň» tejribesini ulanmaga Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň köpüsinde german önümçiliginiň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň ähmiýeti bellenildi.
Bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlaryndaky türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge hemişe uly gyzyklanmanyň bolandygy bellenildi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Gýote instituty, «Doýçer Akademişer Austauşdinst» «Şulen: Partner der Tsukunft» we «Pedagogişer Austauşdinst» maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy beýan edildi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda Gurbanguly Berdimuhamedow «Margiananyň» bürünç asyra degişli gadymy gymmatlyklarynyň arheologik sergisiniň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini teklip etdi. Birinji gezek sergi 2018–2019-njy ýyllarda Germaniýada üstünlikli geçirildi.
2024-nji ýylda Aşgabatda Iogann Wolfgang fon Gýoteniň ýadygärliginiň açylandygyny aýdyp, munuň Germaniýa we onuň medeniýetine goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.


düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......