Bişkekde ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär

  • 29.04.2025 23:59
  • 2.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 28-30-njy aprelde Bişkek şäherinde geçirilýän Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Duşuşygyň dowamynda ulag we logistika ulgamyndaky möhüm meselelere garaldy.
Gyrgyz ýükleriniň günbatar ugra gatnawyny üpjün etmek üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy we özara nyrh ýeňilliklerini üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar konsullyk hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, hususan-da, halkara ýük gatnawlaryna gatnaşyjylara degişli wiza amallary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary beýan etjek we geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlejek Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, toparyň mejlislerini yzygiderli geçirmek baradaky karara gelindi. Bilelikdäki toparyň ikinji mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......