Gurbanguly Berdimuhamedow Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi

  • 24.04.2025 11:27
  • 12k+

23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi.

10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär. Toplum 2014-nji ýylda Çarwadarlaryň birinji bütindünýä oýunlaryndan soňra guruldy.
Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen “žorgo”, “gök-böri” we “salburun” oýunlary görkezildi.
Türkmen halkynda bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynda hem at çapyşyklary sportuň iň gyzykly we çekeleşikli görnüşleriniň biri bolmagynda galýar. Ençeme asyr mundan öň bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary ählihalk dabaralarynyň, baýramçylyklaryň bezegi bolup durýar. Gyrgyzlarda Aziýa halklarynyň köpüsiniň arasynda giňden ýaýran “gök-böri” atly gadymy atly sport oýny hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. Çarwadarlaryň aw awlamak, sürini ýyrtyjy haýwanlardan, ilkinji nobatda, möjeklerden goramak däplerinden elguşlary we tazylary ulanmak arkaly toparlaýyn aw etmek ýüze çykdy. Bu aw “salburun” diýlip atlandyrylýar. Ýaryşa gatnaşyjylar öz çalasynlygyny, atyň üstünde ýaýdan ok atmak ussatlygyny görkezýärler.


Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen bilelikde Yssyk-köl Halkara howa menziline bardy we şol ýerden uçarda Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......