22-23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.
Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowbilen bilelikde Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi.
2002-nji ýylda esaslandyrylan “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýatladýar. Bu merkez Yssyk-kölüň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Häzirki wagtda şäher arassa kenary we ösen syýahatçylyk infrastrukturasy bilen meşhurdyr. “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi bu şypahana zolagynyň merjeni hasaplanýar. Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden gelýän jahankeşdeleriň zyýarat edýän ýerine öwrülen toplumyň çäginde esasy dünýä dinlerine bagyşlanan 5 sany dini bina gurlupdyr. Bu ýerde gyrgyz halkynyň we dünýä taryhynyň, ylmynyň, edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleri ýerleşdirilipdir. 2008-nji ýylda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine belli gyrgyz ýazyjysy we jemgyýetçilik işgäri Çingiz Aýtmatowyň ady dakyldy. Bu ýerde ýazyjynyň öý muzeýi hem-de onuň eserleri esasynda döredilen birnäçe heýkeller bar.
Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkeziniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sadyr Žaparow Yssyk-kölüň kenarynda gezelenç etdiler.
Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda-da gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.