Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçiriler

  • 19.04.2025 11:54
  • 4.1k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmyň gazananlary, täze himiki tehnologiýalar arkaly ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy usullardyr döwrebap tehnologiýalar önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....