Oguljahan Atabaýewa Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş merkezlerine iş saparyny amala aşyrdy

  • 17.04.2025 10:51
  • 20k+

16-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Şol gün Türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirip, gaznanyň wekilleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, köpugurly hassahanalarda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işler, lukmançylyk edaralarynyň hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýerlerde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin saparlarynyň guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy. Onuň çäginde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça bejeriş işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Bu ýerdäki ýöriteleşdirilen bejeriş otaglary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Olarda birnäçe ugurlar, şol sanda suw bilen bejeriş, dürli görnüşli oýnawaçlaryň kömegi arkaly saglygy dikeltmek ýaly lukmançylyk hyzmatlary ýola goýlupdyr. Toplumyň eýwanynda bu ýerde bejergi alýan çagalaryň el işleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan körpeleriň ýasan dürli şekilleri, oýnawaçlar görkezilýär. Munuň özi bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlarynyň çagalaryň aňyny ösdürmek, olaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin döredilen şertler ýaly işler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Bu bolsa, köp ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, dikeldiş işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Şoňa görä, Oguljahan Atabaýewa şeýle usulyň lukmançylykda esasy orun eýeleýändigini belledi we bu işleri has-da ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Toplumyň irki goşulyşma otagynda kiçi ýaşly çagalar ene-atalary bilen bilelikde çagalara irki goşulyşma boýunça maşgala gatnaşyklary usulynda goldaw berilýär. Bu usul çagalaryň özlerini maşgala agzalarynyň arasynda ýaly duýmaklary, olaryň degişli bejerişe bolan höwesiniň artmagy babatda ähmiýetli ugur hökmünde kesgitlenildi. Irki goşulyşma boýunça nobatdaky otagda psiholog hünärmen bilen çaga lukmany mümkinçiligi çäkli mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen degişli dikeldiş işlerini alyp barýarlar. Munuň özi çagalaryň islendik ýagdaýa aň ýetirmek başarnygyny ösdürmekde we olaryň özbaşdak pikirleniş ukybyny berkitmekde zerur ugur hasaplanýar. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti lukmanlaryň bu otaglarda alyp barýan işleriniň çagalaryň sazlaşykly ösüşinde ähmiýetlidigini belläp, bu çäreleri has-da kämilleşdirmek we dünýä tejribesini özleşdirmek babatda öz maslahatlaryny berdi.
Toplumyň logoped otagynyň enjamlaşdyrylyşy häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär. Bu ýerde işleýän hünärmenler dürli görnüşli oýnawaçlaryň we suratlaryň kömegi bilen çagalaryň dem alyş, ses çykaryş agzalarynyň hereketini ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Oguljahan Atabaýewa çagalaryň sözleýiş ukybyny ösdürmek boýunça häzirki zaman bejeriş usullarynyň degişli derejede ýola goýulmagynyň oňyn netijeleri berýändigini aýtdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti toplumyň otaglary bilen tanyşlygyň dowamynda daýanç-hereket synasy bozulan çagalaryň fizioterapiýa we ergoterapiýa usullary bilen bejerilýän bölüme geldi. Bu ýerde hem mümkinçiligi çäkli çagalaryň daýanç-hereket synalaryny bejermek, olarda herekete bolan höwesi ýokarlandyrmak boýunça bejergi işleri häzirki zaman usullary arkaly amala aşyrylýar.
Toplumyň aýdym-saz we tans otagynda sungat älemine aralaşmaga höwes edýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Olar bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler.
Soňra Oguljahan Atabaýewa toplumyň daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak boýunça dürli amallar ýerine ýetirilýän otagyna bardy. Bu ýerde çagalara dürli şekillerdir suratlaryň üsti bilen sahawatly türkmen topragy, tebigatyň gözelligi barada gürrüň berilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde mähriban Watanymyza, gözel tebigatymyza bolan söýgini döretmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen we toplumda degişli bejergi alýan çagalar Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çagalaryň saglygyny dikeldip, tiz wagtda jemgyýetimize goşulmagyny arzuw edip, bu ýerden Ahal welaýat köpugurly hassahanasyna tarap ugrady. Oguljahan Atabaýewa hassahananyň çaga dogrulýan bölüminiň intensiw otagyna baryp gördi. Bu ýerde eneleriň saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek we dünýä inen çagalaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilipdir.
Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Ahal welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bardy we onuň çaga dogrulýan bölüminiň işi bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda merkeziň bu bölüminiň enjamlaşdyrylyşy, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, bejerişiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.


şu gün 14:41
15

Türkmanistanyň biržasynda geçen hepdede geleşikleriň jemi bahasy 3,7 million dollar boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gazbeton bloklaryny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar...

şu gün 14:20
799

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenistana geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi hbar berýär...

şu gün 00:33
9.4k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenbaşy şäherine geldi

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi...

düýn 23:59
8.2k+

Awazada BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

Şu gün, 3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan  döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi...