Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge açykdygyny beýan etdi

  • 05.04.2025 11:04
  • 3.2k+

4-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Samarkant şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ýokary derejeli birinji sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň ýolbaşçysy hanym Nadýa Kalwinýo, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso hem gatnaşdylar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli duşuşygy açyp, sammite gatnaşyjylara söz berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, açyk göwünliligi, myhmansöýerligi we işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýändigini, bularyň ileri tutulýan ugurlar hasaplanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny we bu ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýändigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrýandygyny we ony Ýewropa ibermäge taýýardygyny belläp, elektrik ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýel we Gün energiýasyny peýdalanmakda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardygyny, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem açykdygyny aýtdy.
Ulag-kommunikasiýa pudaklary-da strategik ugurlardyr. Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek munuň esasy bölegi bolup durýar. Bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berýäris. Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygymyzy aýtmak isleýärin.
Kommunikasiýa ulgamynda-da Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we mümkinçiliginden ugur alýarys. Umuman, Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýär hem-de bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti diýip hasaplaýar.
Umuman alnanda, sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýurdumyzyň Ýewropa bilen söwdany has-da giňeltmek üçin hem açykdygyny, maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy we Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda işlemäge çagyrdy. Şunda türkmen tarapy Ýewropa Bileleşigine harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.
Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan bäri Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijelidigini minnetdarlyk bilen belledi. Şolaryň arasynda “TACIS-TEMPUS”, “ERASMUS-MUNDUS”, “DARYA” ýaly giň gerimli maksatnamalar bar. Hususan-da, Türkmenistanda “ERASMUS-MUNDUS” we “ERASMUS+” maksatnamalarynyň çäklerinde magistr maksatnamalary, bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak, durnukly ösüşi we akademiki ykjamlygy goldamak boýunça 40-dan gowrak taslama amala aşyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu işi ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň talaplaryna, isleglerine jogap bermek bilen, hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip edip, syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa we etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny taýýarlamagyň hem geljeginiň uludygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny we bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.


şu gün 12:28
444

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler boýunça okuw maslahatlary geçiriler

2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin, Bagtyýarlyk, Köpetdag we Berkararlyk etrap salgyt bölümleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar boýunça okuw maslahatlaryny geçirer...

düýn 21:24
4k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

7-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 21:20
2.6k+

Türkmenistan we Pakistan 2026-njy ýylda ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlygy maslahatlaşdy

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyp, 2026-njy ýylda bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 16:50
9.9k+

Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi. «Roždestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun...