Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy

  • 04.04.2025 12:52
  • 6.8k+

Şu gün, 4-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow sammitiň barşynda maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär.
Mejlisiň barşynda şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew
, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso çykyş etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji aprelde iş saparynyň çäklerinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......