Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygyny Aşgabatda geçiriljek halkara ynanyşmak forumyna çagyrdy

  • 03.04.2025 23:22
  • 5.9k+

3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli bu çäreleriň iki sebitiň arasyndaky köpugurly we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýär.
Häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutany sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň geljegi uly “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa kontinentiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......