Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 03.04.2025 22:25
  • 5.6k+

Şu gün, 3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow köpugurly we sebit ähmiýetli “Demirgazyk – Günorta”, “Gündogar – Günbatar” halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak üçin Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna we täze başlangyçlara Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, hususan-da, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýändigini we şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň goldanylýandygyny belledi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu iri halkara maliýe guramasy bilen milli banklarymyzyň hem-de hususy ulgamyň gatnaşyklarynyň täze we has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belläp, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we ýurdumyzyň geljekde hem Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistana iş saparyny amala aşyrýar.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....