ChatGPT bilen ýygy-ýygydan söhbetdeş bolmaklyk ýalňyzlyk duýgusyny güýçlendirýär - OpenAI

  • 29.03.2025 05:38
  • 1.7k+

ChatGPT bilen ýygy-ýygydan aragatnaşyk saklamak ýalňyzlyk duýgusyny artdyryp, köpçülige goşulyşmagyň derejesini peseldip biler. Bu - OpenAI-yň we Massaçusets tehnologiýa institutynyň hünärmenleriniň gelen netijesi.

Synaga 1 müňe golaý adam gatnaşdy. Bir aýlap olar her gün ChatGPT bilen - azyndan bäş minut tekst görnüşinde ýa-da sesli habarlaşdylar.
Barlagyň netijeleri boýunça çat-bot bilen "ysnyşan" we oňa ýürekden ynanýan ulanyjylar ýalňyzlyk duýgusynyň we ChatGPT bilen aragatnaşyga baglylyklarynyň artýandygyny habar berdiler.
Gatnaşanlaryň diňe az sanlysynyň çat-boty duýga baý aragatnaşyk üçin ulanandygy bellendi.
OpenAI ozal ABŞ-nyň hökümetini Hytaýyň DeepSeek AI modelini ulanmagy gadagan etmäge çagyrypdy. Mundan başga-da, kompaniýa çeper eser döretmäge niýetlenen neýroulgamyny hödürledi we ChatGPT-e Sora wideo generatoryny goşmagy meýilleşdirýär.


13.05.2026 23:14
4.8k+

Rimlileriň gämileri nädip suw geçirmän uzak aralyga ýüzüp bilipdir?

Horwatiýanyň kenarlarynda 2200 ýyl mundan ozal gark bolan «Ilowik-Paržine 1» rim gämisiniň öwrenilmegi alymlara diňe bir suwdan goragyň nädip üpjün edilendigini däl, eýsem ondan has çuňňur maglumatlary almaga......

13.05.2026 15:09
4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.5k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

12.05.2026 08:11
3.4k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......