R.Meredow ýaşlar syýasaty babatda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň meýilnamalaryny habar berdi

  • 21.03.2025 15:14
  • 2.7k+

20-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýaşlar syýasaty babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy:

  • ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 15 — 17-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýaşlar forumynyň işine gatnaşmagy, şeýle hem onuň çäklerinde 16-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygyny guramak teklip edilýär.
  • maý aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaş hünärmenleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatyny guramak baradaky teklip beýan edildi.
  • BMG-niň agentlikleri tarapyndan ýaşlaryň we ýetginjekleriň ösüşine, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermäge, halkara we sebit derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025 — 2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly bilelikdäki maksatnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär.
  • Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň ýaşlara gönükdirilen degişli sebitleýin taslama resminamasy amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirliklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hünär okuwlaryny geçirmek üçin Okuw-maglumat merkezlerini döretmek teklip edilýär.

Serdar Berdimuhamedow ýaşlar syýasaty babatda ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 16:30
393

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
620

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......