Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 20.03.2025 12:58
  • 6.2k+

19-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwletara hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl-de, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikde işjeň gatnaşýan, umumy maksatlary öňe sürýän köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem oňyn syýasy netijelerini berýär. Biz şu ýyl Özbegistanda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” hem-de “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitleriniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini doly goldaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu halkara çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek ugrunda bilelikde netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.
29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahat halkara işjeňlik bilen baglanyşykly gozgalan ýene-de bir mesele boldy. Özbek Lideri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara gatnaşyklaryň netijeli guralmagyna jogapkärli çemeleşmeleri üçin hoşallygyny beýan edip, umumy tagallalaryň birleşdirilmeginiň, bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagynyň diňe iki goňşy ýurduň däl, umuman, Merkezi Aziýa sebitiniň hem durnukly ösüşine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......