Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa komissary bilen gepleşikler geçirildi

  • 13.03.2025 16:17
  • 1.7k+

12-nji martda daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda “Merkezi Aziýa – ÝB” formatyndaky ilkinji sammitiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa–ÝB” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmek işlerine deglip geçildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetini, Parlamentara dialogyny, Adam hukuklary boýunça dialogy we beýlekileri nazara almak bilen, bilelikdäki gurallaryň netijelidigini bellediler.
Durmuş-ykdysady ugrundaky gatnaşyklary iş ýüzünde ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Söwda gatnaşyklaryny, ulag arabaglanyşygyny, energetika howpsuzlygyny, innowasiýa we maýa goýum işlerini ösdürmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.
Taraplar hereket edýän we geljekki ýöriteleşdirilen taslamalara we maksatnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly işlerde ÝB-niň bilermenleriniň tejribesinden peýdalanmak  meselelerine garadylar.
Mundan başga-da, diplomatlar ekologiýa howpsuzlygyny goramak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatyndaky bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilim we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......