Stounhenjiň “uly dogany” tapyldy. Britaniýadaky iň irki megalit Flagstouns daşlary bolup çykdy

  • 13.03.2025 14:26
  • 3.2k+

Beýik Britaniýadaky Ekseter uniwersitetiniň we Historic England geňeşiniň arheologlary Dorsetdäki gadymy Flagstouns daş aýlawynyň ýaşyny kesgitlemegi başardylar. Görlüp oturylsa, ol Stounhenj-den iki asyr uly bolup çykdy. Bu açyş Britaniýanyň iň meşhur megalitiniň ýaşynyň täzeden gözden geçirilmegine sebäp bolup biler. Açyş Antiquity žurnalynda çap bolan makalada öz beýanyny tapdy.

Şweýsariýanyň we Niderlandlaryň barlaghanalarda geçirilen radiouglerod derňewi Flagstounsyň döreýşiniň, takmynan, b.e. öň 3200-nji ýyllarda başlandygyny tassyklady.
Megalit 1980-nji ýyllarda Dorçesterde ýol gurluşygy wagtynda tapyldy. Häzirki wagtda onuň bir bölegi awtoulag ýolunyň aşagynda gizlenýär we beýleki bir bölegi  bolsa ýazyjy Tomas Hardiniň mülkiniň çäginde ýerleşýär.
Bu ýerden birnäçe mazarlyk, sugun şahlary we agaç kömri tapyldy. Galyndylaryň arasynda kremirlenen uly adam we üç çaga bar. Biraz gijräk, müň ýyl soň, toplumyň merkezinde bir adam jaýlanypdyr.

Barlagçylaryň pikirine görä, Flagstouns irki Stounhenjiň prototipi bolup biler.

"Stounhenjiň hronologiýasy Britaniýada dabara we mazar ýadygärlikleriniň üýtgeýän yzygiderliligine düşünmek üçin möhümdir. Stounhenj Flagstouns-yň nusgasy bolup bilermi? Ýa-da bu açyşlar Stounhenj bilen häzirki tanyşlygymyzyň täzeden gözden geçirilmeginiň zerurdygyny görkezýärmi?” – diýip, arheolog Sýuzen Grini öz-özüne sorag berýär.

Flagstouns irki neolitik toplumlaryň we soňraky henjleriň elementlerini birleşdirip, Beýik Britaniýada däp-dessur ýadygärlikleriniň ewolýusiýasyny öwrenmek üçin möhüm obýekte öwrülýär.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 19:18
3.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......