Hytaýly alymlar 5G we 6G-de öwrülişik döredip biljek optiki çibi işläp düzdüler

  • 11.03.2025 15:05
  • 1.8k+

Pekin uniwersitetiniň alymlary örän ýokary tizlikdäki 5G we 6G mobil torlary üçin esas bolup biljek, 100 GGs takt ýygylykda işleýän optiki çibi işläp düzdüler. Bu barada «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.

Iň ýokary takt ýygylygy 6 GGs bolan adaty prosessorlar maglumatlary elektronlar, ýagny elektrik togy arkaly işleýärler. Şonuň üçin olar gaty köp ýylylyk bölüp çykarýarlar. Täze döredilen optiki çip bolsa, munuň tersine, ýagtylygyň bölejikleri bolan fotonlary ulanýar. Şonuň üçin ol has çalt işleýär we az energiýa sarp edýär.
Täze çibiň gurluşy örän täsin: ol at çapyşyklary geçirilýän aýlawlara meňzeýär. Çipde ýagtylyk impulslary şol aýlaw boýunça hereket edýär we her aýlawda takyk ritm döredýär. Alymlar bu çibiň içine «mikrokomb» diýen enjamy ýerleşdirdiler. Bu enjam dürli ýygylykly signallary öndürmäge mümkinçilik berýär: ýönekeý bir ýygylykdan başlap, giň zolakly signallara çenli. Şeýle-de bu gurluş çibiň bar bolan enjamlar bilen integrasiýasyny aňsatlaşdyrýar we önümçilik çykdajylaryny peseldýär. Şeýle hem 8 dýuýmlyk plastinkanyň üstünde müňlerçe çibiň öndürilmegi mümkin diýlip bellenilip geçilýär.
Täze çibiň iň uly artykmaçlygy – 5G we 6G torlaryna berýän mümkinçiligi. Bu çip enjamlary täzeläp durmazdan, maglumat geçiriliş tizligini ep-esli ýokarlandyrar. Eger ony bazalyk stansiýalarda ulansalar, çykdajylar peseler we energiýa sarp edilişi azalyp, tehnologiýanyň giňden ýaýramagy aňsatlaşar.
Häzirki wagtda çibiň bazara çykjak senesi belli däl. Emma bu tehnologiýa mobil aragatnaşyk dünýäsinde eýýämden uly gyzyklanma döredýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....