Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan bilen gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada aýtdy

  • 08.03.2025 11:31
  • 10k+

Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklarynda oýlanyşykly syýasaty alyp barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» teleýaýlymyna beren söhbetdeşliginde bu babatda aýdyp, munuň döwletimiziň daşary syýasatynda esasy üns berilýän meseleleriň biri bolup durýandygyny belledi.

“Owgan halky — biziň goňşymyz. Biz bu halk bilen ýüzýyllyklaryň dowamynda ysnyşykly ýaşaýarys. Owganlaryň däp-dessurlary, ruhy we medeni gymmatlyklary bize has ýakyn. Türkmenler bilen owganlaryň uzak döwürlerden bäri dowam edip gelýän taryhy gatnaşyklary bar. Şoňa görä-de, Owganystanyň, ol ýerde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň üçin parhsyz däldir.

Biz owganlaryň parahat, asuda durmuşda ýaşap, öz döwletini gurmagyny, ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamlaryny dikeltmegini isleýäris. Ýurduň sebitde we onuň çäklerinden daşarda alnyp barylýan ykdysady işlere, taslamalary amala aşyrmaga goşulmagy ugrunda çykyş edýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda ençeme möhüm we geljegi uly ykdysady taslamalary öňe sürdi hem-de durmuşa geçirýär. Şolaryň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, biziň ýurdumyzdan owgan tarapyna demir ýollary gurmagyň taslamalaryny görkezmek bolar.

“Türkmenistan owgan halkyna köp möçberde ynsanperwerlik kömegini hem berýär. Ýurdumyzda owgan talyplary, ýagny ýaşlary okadylýar. Bu ýurtda öz serişdelerimiziň hasabyna durmuş maksatly desgalar gurulýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýollar arkaly, halk köpçüliginiň bähbitlerini nazara almak esasynda düzgünleşdirmäge halkara ýardamy bermek ugrunda işjeň çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Owganystan boýunça dürli çärelere işjeň gatnaşýar. Bu ýerde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýurduň täze ýolbaşçylarynyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga çalyşýandygyndan ugur alýar. Biz ýurduň ýolbaşçylary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny nazara alyp, netijeli gatnaşyklary goldaýarys.
Men ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: Owganystan bize ýakyn bolan doganlyk ýurtdur. Şoňa görä, bu ýurduň halkynyň parahatçylygyna, ylalaşygyna we ösüşine ýardam bermek Türkmenistan üçin has ileri tutulýan ugurdyr – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....