Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” teleýaýlymyna interwýu berdi

  • 08.03.2025 08:13
  • 8.6k+

Ýakynda «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik topary ýurdumyzda saparda boldy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu abraýly telekompaniýanyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşlikde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa — Ukraina ýagdaýy babatda garaýyşlaryny beýan edip, ýurdumyzyň Bitaraplyk  hukuk derejesiniň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasydygyny belledi. Türkmenistan bu ugurda üç düýpli garaýşy beýan edýär:

“Syýasy taýdan, Türkmenistan halkara dawalara gatnaşmaýar hem-de goşulmaýar.
Hukuk taýdan seredenimizde, Türkmenistan ýurtlaryň arasynda döreýän ähli jedelli ýagdaýlary BMG-niň Tertipnamasy we halkara hukugyň ykrar edilen düzgünleri esasynda çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Dünýä garaýyş babatda aýdylanda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usullaryny goldamaýar. Sebäbi uruş emele gelen ýagdaýlaryň çözgüdi däldir we bu ýagdaý iş ýüzünde ençeme gezek subut edildi. «Urşuň ýeňen ýeri ýok» diýen ajaýyp türkmen pähimi hem bar. Biz şu dogry garaýyşdan ugur alýarys we mundan beýläk-de ugur alarys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda gürrüň edilen beýleki sowallar dogrusynda TmCars.info aýratynlykda durup geçer.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......