Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekili Kaýa Kallas bilen gepleşikleri geçirdi

  • 08.03.2025 07:28
  • 3k+

7-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berip, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklar boýunça pikir alyşdylar.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......