Raşid Meredow gruziýaly kärdeşi hanym Maka Botçorişwili bilen duşuşdy

  • 07.03.2025 17:12
  • 5.9k+

7-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwili bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzäniň häzirki wagtda Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtadylar.
Ministrler 2025-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Taraplar işjeň dialogyň hem-de edara ýolbaşçylary we bölüm müdirleri derejesinde geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň üsti bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlylygy beýan etdiler.
Şu gün şeýle hem ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekdiler.


düýn 18:57
1.2k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
973

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......