Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Türkmenistanyň Mejlisinde we DIM-nde duşuşyklary geçirdi

  • 05.03.2025 08:24
  • 2.3k+

4-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýs Türkmenistana saparynyň çäklerinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hem-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyklary geçirdi.

Mejlisde geçirilen duşuşykda wekiliýet Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklaryň, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň, şeýle hem ýurdumyzyň ÝB-niň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklarynyň hem-de bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň başynda Raşid Meredow Stipraýsy jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda Merkezi Aziýa–ÝB formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň ÝB we onuň institutlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar energetika, ulag we arabaglanyşyk, daşky gurşawy goramak, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de ÝB-niň maliýe düzümleri bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklara garaldy.
Mundan başga-da, diplomatlar şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......