Arheologlar adamlaryň Magellandan 40 müň ýyl ozal ummanlardan aşyp geçendigini subut etdiler

  • 01.03.2025 07:37
  • 4.9k+

Filippinlerde, Indoneziýada we Gündogar Timorda geçirilen täze arheologiki tapyndylar Günorta-Gündogar Aziýanyň gadymy halklarynyň on müňlerçe ýyl ozal deňizde ýüzmegi özleşdirendigini subut etdi. Olar Magellanyň, Hytaýyň deňiz serkerdesi Çžen Hedeniň we finikiýaly garakçylaryň döwründen hem has öň deňiz gämilerini gurupdyrlar.

Ateneo de Manila uniwersitetiniň barlagçylary paleolit döwründe tehnologiki ösüşleriň diňe Ýewropada we Afrikada bolup geçendigi baradaky giňden ýaýran teswiri inkär etdiler. Olar “Arheologiýa ylymlary žurnalyndaky” makalada öz gelen netijelerini paýlaşdylar. Işiň awtorlary Risar Fuentes we Alfred Pawlik Günorta-Gündogar Aziýanyň uly böleginiň hiç wagt yklym bilen baglanyşmandygyny, ýöne ol ýerden irki deňizçileriň yzlarynyň tapylandygyny bellediler. Agaç gämiler seýrek ýagdaýlarda saklanyp galýarlar, ýöne soňky arheologiki tapyndylar gadymy deňizçileriň gämi gurluşyk tehnologiýalarynyň soňraky siwilizasiýalar bilen deň derejede özleşdirip bilendigini görkezýär.
40 000 ýyllyk daş gurallaryň mikroseljermesi ösümlikleri gaýtadan işlenendiginiň  subutnamalaryny ýüze çykardy, esasanam gaýyk gurmakda we açyk deňizde balyk tutmakda ulanylýan ýüpleri, torlary we berkitmeleri dokamak üçin zerur süýümleriň alnandygyny görkezdi.

Mindorodaky arheologiki gazyp agtaryşlar wagtynda tunes we akula ýaly deňiz çuňluklarynda ýaşaýan balyklaryň galyndylary, şeýle hem çeňňek, çümdüriji we torlara agram beriji ýaly balykçylyk enjamlary tapyldy. Bular deňiz akymlary we balyklaryň göçüşi baradaky bilimleriň bolandygyna şaýatlyk edýärler.
Ylmy çaklamasyny tassyklamak isleýän Sebu uniwersitetiniň arheologlary gadymy gämileri täzeden gurmak we olaryň deňizde ýüzüp biliş derejesini barlamak üçin FLOW taslamasyna başladylar. Olar geçmişde ulanylan bolmagy ähtimal materiallary, şeýle hem paleolit deňiz gämilerini taslamalaşdyryp, kiçeldilen  modellerini synagdan geçirip görmek isleýärler.


şu gün 08:02
497

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
444

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......