1150 sany Tesla elektrikli ulaglary iň uly yşykly şüweleň gurnap, rekord goýdy

  • 28.02.2025 10:23
  • 7.2k+

Belgiýada Tesla elektrik awtoulaglary bilen dünýäniň iň uly yşykly şüweleňi gurnaldy. «Teslarati» neşiriniň maglumatlaryna görä, çärä jemi 1150 sany awtoulag gatnaşdy. Şol bir wagtyň özünde olaryň yzynda onlarça dron asmana galyp, owadan şekilleri we logotipleri emele getirdi.

Bellenip geçilşine görä, Tesla awtoulaglarynyň ýörite bort elektronikasy awtoulaglaryň yşyklandyryşyny saz bilen sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Tesla elektrikli awtoulaglarynyň gatnaşmagyndaky köpçülikleýin yşykly şüweleňler 2023-nji ýyldan bäri gurnalyp gelinýär. Bu gezekki rekorda programmist we dizaýner Saýmon Pollok ýolbaşçylyk etdi. Ol mundan öň hem şeýle rekord goýup, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Finlýandiýada 687 awtoulag bilen şüweleň gurnapdy. Bu gezek ol özüniň öňki rekordyndan-da geçmegi başardy.

Pollok özüniň häzirki rekordyndan hem geçmek isleýändigini mälim etdi. Nobatdaky yşykly şüweleňiň 30-njy martda ABŞ-nyň Tennessi ştatynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Tesla kompaniýasy şu ýyl üçin birnäçe täzelikleri yglan etdi. Model Y we Cybertruck täze modifikasiýalar alar, şeýle-de Model S we Model X hem täzelener. Bulardan başga-da has elýeterli täze Model Q-nyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....