Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralary hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler

  • 27.02.2025 10:37
  • 3.3k+

26-njy fewralda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy girizildi. Şol bir wagtyň özünde ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi, geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi hem-de dürli derejelerde geçiriljek duşuşyklaryň tertibi jikme-jik gözden geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilelikde amala aşyrylmaly hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG, ÝHHG, YHG, şeýle hem “Merkezi Aziýa+” formatlarynyň ugry boýunça Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti hem-de oňyn tejribesi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şeýle-de diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady ulgamda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli gurallary netijeli ulanmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025–2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.


şu gün 19:38
104

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
128

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......