Kosmosda emeli Gün tutulmasyny döretmek üçin ugradylan zonddan ilkinji surat alyndy

  • 27.02.2025 00:02
  • 6.8k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) tarapyndan geçen ýylyň dekabr aýynda uçurylan Proba-3 kosmos missiýasy soňky synaglardan geçirilýär.

Missiýa iki sany zonddan ybarat. «Occulter» atly enjam 1,4 metrlik garaňkylaşdyryjy disk bilen enjamlaşdyrylan. Beýleki enjam bolsa «Coronograph» diýlip atlandyrylýar we birinjinden 150 metr uzaklykda hereket edýär. Ol bolsa Gün koronografy bilen üpjün edilen. Bu enjamlaryň esasy wezipesi – emeli usulda döredilýän tutulmadan peýdalanyp, Günüň täji barada maglumat toplamak.
Ulgamlaryň işini barlamak üçin Belgiýanyň Patyşalyk obserwatoriýasynyň alymlary Proba-3 missiýasyndaky enjamlaryny ulanyp, ýyldyzlary ilkinji gezek surata aldylar. Lýež kosmos barlag merkezinde döredilen kamera, Ýylangöteriji (latynça Ophiuchus) ýyldyzlar toparynda ýerleşýän birnäçe ýyldyzy surata düşürmegi başardy.
Surata düşürmek üçin on sekuntlyk ekspozisiýa ulanyldy. Suratlaryň durulygy, zonduň ugrukdyryş ulgamynyň ekspozisiýany durnukly saklap bilýändigini görkezdi – bu bolsa missiýanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin örän möhümdir.

Alnan suratda diňe ýyldyzlar däl, eýsem kosmiki şöhleleriň yzlary hem görünýär. Bu şöhleler matrisa täsir eden mahaly surata düşüpdir. Olar ýyldyzlara meňzeýärler. Emma olar gaýtadan düşürilen suratlarda ýok, sebäbi hakyky ýyldyzlar hemişe şol bir ýerde galýar.
Öňümizdäki mart aýynda Proba-3 ilkinji gezek Gün täjini surata düşürmäge synanyşar. Bu bolsa missiýanyň iň möhüm tapgyrlarynyň biri bolar.


düýn 23:12
2.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.8k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
1.8k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......