Hindistan emeli Gün tutulmasyny döretmek üçin missiýa ugratmaga taýynlanýar

  • 02.12.2024 21:17
  • 4.4k+

4-nji dekabrda, çarşenbe güni Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ýewropa kosmos agentligi (ESA) bilen bilelikde uzak möhletli emeli Gün tutulmasyny amala aşyrmak üçin Proba-3 missiýasyny ugradar. Bu Gün täjini dürs takyklyk bilen öwrenmäge kömek eder diýip, The Economic Times ýazýar.

Missiýa Satiş Dhawan kosmos merkezinden uçurylar.
Missiýanyň çäklerinde orbita hersiniň agramy 550 kg bolan iki hemra çykarylar. Olar her ýyl 50 gezege çenli emeli Gün tutulmasyny geçirmäge mümkinçilik berjek, millimetre çenli takyklykda Gün bilen bir hatara düzülip bilerler. Her Gün tutulmasynyň dowamlylygy alty sagada çenli dowam edip biler.
200 million ýewrolyk bu taslama Günüň üstünden has yssy bolan Gün täjini öwrenmekde täze mümkinçilikleri açýar. Emeli Gün tutulmasy alymlara tebigy Gün tutulmasy wagtyndaky gözegçiliklerde elýeter bolmaýan maglumatlary berer.
Bu çemeleşme Günde bolup geçýän hadysalara we Ýeriň howasyna edýän täsirine gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip garaşylýar.


düýn 20:50
4.5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.1k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.3k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

30.05.2026 00:14
2.1k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....