Türkmenistanda Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

  • 26.02.2025 12:28
  • 1.4k+

25-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy hanym Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen Ýewropa parlamentiniň arasynda şol gün geçilen sekizinji mejlisiň netijeli häsiýete eýe bolandygy bellendi.

Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti adam hukuklaryny goramak, gender deňligi we raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermek ýaly ugurlardaky özgertmelere ünsi çekdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilen üstümizdäki ýyl üçin meýilleşdirilen we geçirilýän çäreleri nazara almak bilen, ýewropa wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran häzirki saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapy öz gezeginde Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hem ikitaraplaýyn, hem-de «ÝB – Merkezi Aziýa» görnüşinde ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda hem duşuşyklary geçirer.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......