Saud Arabystanynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

  • 14.02.2025 07:23
  • 2.9k+

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýar. Ilçi 13-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda R.Meredow türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin ilçä hoşallyk bildirdi.
Iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi.
Iki ýurduň abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň netijeliligi aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......