Alymlar merjen gaýalaryny halas etmek üçin suwasty «çyrany» döretdiler

  • 13.02.2025 13:31
  • 2.5k+

Alymlar «Underwater Zooplankton Enhancement Light Array» (UZELA) atly enjamy – ýagny deňizleriň astyndaky merjen gaýalarynyň iýmitlenmegine ýardam berýän awtonom suwasty yşyklandyryş ulgamyny döretdiler. Bu enjam howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan kynçylyklarda merjen gaýalarynyň ýaşamagyna kömek edip biler diýip, Phys.org habar berýär.

UZELA mikroskopiki organizmler bolan zooplanktonlary özüne çekýär. Sebäbi, merjen gaýalary şol organizmler bilen iýmitlenýärler. Gawaý adalarynda geçirilen synaglaryň dowamynda, bu enjam zooplanktonlaryň sanyny artdyrmagy başardy. Bu bolsa reňkini ýitiren ak merjen gaýalarynyň hem iýmitlenmegine we olaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berdi.
Enjam örän az energiýa sarp edýär we bir batareýa bilen alty aýlap işläp bilýär. Ony gün ýaşandan soň bary-ýogy bir sagat ýakmak arkaly merjenleriň iýmitleniş tizligini 10-50 esse tizleşdirip bolýar. Bu bolsa olary ýylylyk stresine we ummanyň oksidlenmegine garşy has durnukly edýär.
Emeli yşyklandyryşyň beýleki deňiz jandarlaryna täsiri bolup bilse-de, geçirilen gözlegler häzirlikçe hiç hili negatiw netije görkezmedi. Işläp düzüjiler ulgamy kämilleşdirmegi we geljekki 1-3 ýylyň dowamynda onuň önümçiligini awtomatlaşdyrmagy meýilleşdirýärler.
Merjen gaýalary deňiz ekosistemasynyň möhüm bölegidir. Howanyň üýtgemegi boýunça döredilen modellere görä, global ýylylygyň häzirki tizligi bilen bu gymmatly ekosistemalaryň 2050-nji ýyla çenli ýitmegi mümkin. UZELA olary halas etmek üçin möhüm gural bolup biler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....