Duşenbede Merkezi Aziýa we ÝB döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirildi

  • 06.02.2025 23:45
  • 5.4k+

5-nji fewralda Duşenbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Ol duşuşyga gatnaşyjylary türkmen tarapynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alşyldy.

Bu gezekki duşuşyk Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaý barada maglumat alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.
Taraplar Owganystany durnukly, asuda we gülläp ösýän ýurda öwürmek meselesinde ygrarlydyklaryny mälim etdiler we halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanyň halkyna goldaw bermegi dowam etdirmek ugrundaky tagallalaryny tassykladylar.
Duşuşykda Owganystany ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmak we dikeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ykdysady işjeňlik, maliýe we bank pudagy üçin amatly şertleri döretmegiň we Owganystandaky durmuş-ykdysady infrastrukturany dikeltmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde dialogy we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler we Owganystandaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary durnuklaşdyrmak üçin halkara jemgyýetçiliginiň – dünýäniň döwletleriniň, esasanam Merkezi Aziýa sebitiniň, abraýly halkara düzümleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......