Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşdy

  • 06.02.2025 11:10
  • 3.7k+

5-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini belledi we ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ýokary derejeli halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, ýapon tarapyny bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri ýurdumyzyň eksportynda uly orun tutýar.
Akihisa Nagaşima ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan bu sergä gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýörite guramaçylyk topary döredilip, häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi we pursatdan peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň hem-de “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon diliniň öwredilýändigini aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......