Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde koreý we ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 01.02.2025 12:45
  • 7.8k+

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy. Duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi.

Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak we gurmak boýunça oňyn tejribe toplan kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
“Sumitomo” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri bilen sazlaşykly işläp, kesgitlenen taslamanyň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterine degişli binalaryň enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurdaky işleriň ylmyň ýokary gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle-de ýerine ýetirilýän gurluşyk we enjamlaşdyryş işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy, ornaşdyrylýan enjamlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmalydygy aýdyldy. Şunda Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaş kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......