Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy Aşgabatda geçiriljek foruma çagyrdy

  • 30.01.2025 07:52
  • 8.1k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gyrgyzystan halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de döwletleriň we halkara guramalaryň bu babatdaky tagallalarynyň, şol sanda buzluklaryň eremegi, dag ösüşi ýaly meseleleriň giň toplumynda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Biz bu meseleleri BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibine girizmek babatda Gyrgyzystanyň çemeleşmelerini goldaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Türkmenistan sebitde tebigaty we ekologik gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri goldaýar. Munuň özi suw serişdelerini ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendigini aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyzystan bilen bilelikde bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Ekologik deňagramlylyk babatda aýdylanda, ýurdumyzyň ýakynda Gyrgyzystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Dag barsynyň halkara gününi yglan etmek baradaky Kararnamasyny goldandygyna üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, bu kuwwaty iki ýurduň, tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Liderini islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......