Şanhaýda robotlar üçin okuw merkezi açyldy

  • 26.01.2025 23:26
  • 8.2k+

Hytaýda ilkinji gezek gumanoid (adam şekilli) robotlar üçin okuw merkezi açyldy. Häzirki wagtda Şanhaýdaky okuw meýdanynda bir wagtda 100 sany roboty okatmak mümkin. 2027-nji ýyla çenli bolsa bu sanyň 1000-e çenli ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilýär diýip, Global Times neşiri habar berýär.

Okuw merkezi 2025-nji ýylyň dowamynda robotlaryň fiziki görkezijileri bilen baglanyşykly 10 million sany ýokary hilli maglumat toplamagy maksat edinýär. Bu maglumatlar robotlaryň öwreniş prosesini kämilleşdirmäge kömek eder.
Hytaýda gumanoid robotlaryň bazary 2024-nji ýylda 2,76 milliard ýuan (takmynan, 379 million dollar) diýlip bahalandyryldy. 2025-nji ýylyň dowamynda bu bazaryň umumy bahasynyň 16,7 milliard ýuana (takmynan, 2,3 milliard dollara), 2030-njy ýyla çenli bolsa 86,1 milliard ýuana (takmynan, 11,9 milliard dollara) ýetmegine garaşylýar.
Şeýle hem okuw merkezi, «Deep Snake» (Çuň Ýylan) atly gumanoid robotyň ikinji wersiýasyny hödürlemäge taýýarlyk görýär.
Şeýle-de, Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýene birnäçe aýdan gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda ýarym marafon ýaryş geçirmek meýilleşdirilýär. Aprel aýynda «Týangun» atly dünýäniň ilkinji doly ölçegli, elektrikli gumanoid roboty Pekinde marafon ylgar. Uzynlygy 1,63 metr bolan bu robot yzygiderli 6 km/sag tizlikde ylgap bilýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....