Kim çalasyn, kim çakgan: Hytaýda robotlar bilen adamlar ýaryşar

  • 23.01.2025 20:01
  • 6.1k+

Pekinde ýene birnäçe aýdan gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly ýarym marafon ýaryşy geçiriler. 21 km aralyga ylgamak üçin robotlar bilen birlikde, takmynan, 12 müň adam ýaryş ýoluna çykar.

Ýerli South China Morning Post habarlar portalynyň habar bermegine görä, bu waka Hytaýyň emeli aňy we robototehnikany ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamasynyň bir bölegidir. Bu başlangyç ýurda ABŞ bilen tehnologiki ýaryşda güýjüni berkitmäge hem-de jemgyýetiň garramagy ýaly meseleleri çözmäge ýardam etmeli.
Ylgaw ýaryşyna 20-den gowrak kompaniýadan robotlar gatnaşar. Guramaçylar dünýäniň ähli ýerinden ylmy institutlary, robototehnika klublaryny we uniwersitetleri hem gatnaşmaga çagyrdy. Ýerine ýetirmeli esasy şert, robotlaryň adamlara meňzeş bolmagy hem-de tigir ulanman, iki aýakda hereket etmek üçin mehaniki gurluşa eýe bolmagydyr. Olaryň boýy 0,5 – 2 metr, bilinden dabana çenli aralyk azyndan 0,45 metr bolmaly. 
Ylgaw ýaryşyna awtonom we uzak aralykdan dolandyrylýan modeller hem gatnaşyp biler. Ýaryş wagty batareýany çalyşmaga rugsat berilýär.
Belläp geçsek, geçen ýyl Pekinde geçirilen başga bir ýarym marafonda Galbot kompaniýasynyň gumanoid roboty gatnaşyjylary pellehanada garşylapdy. Ýöne geljekki marafon robotlaryň taryhda ilkinji doly derejeli ylgaw ýaryşy bolar.
Hytaý robototehnikany ösdürmek bilen, robotlary işçi güýjüni azaltmak meselesiniň çözgüdi hökmünde-de göz öňünde tutýar. Mysal üçin, 2023-nji ýylda hytaý kompaniýalary, takmynan, 277 müň roboty önümçilige ornaşdyrdy, bu dünýäde önümçilikdäki robotlaryň umumy sanynyň 51%-ine deňdir. Şeýle-de bolsa, doly derejeli gumanoid robotlary işläp taýýarlamak kyn tehniki mesele bolmagynda galýar. Bolmasa, Hytaýyň hökümeti bu ugurdaky ylmy gözleglere we işläp taýýarlamalara goldaw hem berýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......