Hytaý elektrik energiýasyny almak üçin ägirt batböregi synagdan geçirdi

  • 16.11.2025 21:35
  • 4.8k+

Hytaýda belentlikde energetika önümçiligi üçin dünýädäki iň uly batböregiň synaglary tamamlandy. Ol ýeliň güýjüni elektrik energiýasyna öwürmek üçin niýetlenýär we adaty ýel diňleri bilen deňeşdirilende has tygşytly çözgüt hökmünde göz öňünde tutulýar diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Synaglar Içki Mongoliýada geçirildi. Meýdany 5000 m2 bolan batbörek geliý şarynyň kömegi bilen 300 metr töweregi belentlige galdyryldy, şondan soň ol açylyp, has ýokary galyp başlady. Synag konstruksiýanyň howpsuz açylyşyny we generatoryň walyna saralan tanap çekilende energiýanyň işlenip çykyşyny öz içine aldy. Bu synag tapgyry bolup, elektrik energiýasyny öndürmek boýunça has uly synaglary ýene bir ýyldan geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, 1200 m2 meýdanly batbörek synagdan geçirildi. Işläp düzüjiler iň gowusyny saýlamak üçin dürli meýdanly modelleri barlap görmegi meýilleşdirýär. Adaty ýerüsti ýel diňleri bilen deňeşdirilende şeýle ulgam 95% ýeri tygşytlap biler, bu hem polat çykdajysyny 90% we elektrik energiýasynyň önümçiliginiň bahasyny 30% azaldar.
Taslama milli maksatnamanyň çäklerinde China Energy Engineering Corporation tarapyndan işlenip taýýarlandy.
Ozal şeýle gurluş Daniýada synagdan geçirildi: Kitepower Hawk startapy 40 kWt elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolan batbörekden, generatordan we akkumulýatordan ybarat ykjam toplumy döretdi. Batböregiň meýdany, takmynan, 60 m2-di. 


07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......