2024-nji ýylda tabşyrylan ähli patentleriň tas ýarysy Hytaýa degişli

  • 16.11.2025 22:19
  • 2k+

2024-nji ýylda ähli tabşyrylan patent arzalarynyň tas ýarysy Hytaýyň paýyna düşdi. Ikinji orny eýelän ABŞ üç esse diýen ýaly yza galdy we öz arzalarynyň sanyny azaltdy diýip, WIPO halkara guramasynyň statistikasyna salgylanyp, South China Morning Post habar berýär.

Öňdebaryjylaryň bäşligini Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Germaniýa jemleýär. Umuman, Aziýa ýurtlary geçen ýyl berlen ähli patentleriň 70%-den gowragyny emele getirdi. Bu gurşawda işjeňligi Hindistan, Finlýandiýa we Türkiýe hem görkezýär, olar iki belgili ösüş gazanyp, ilkinji ýigrimilige girdi.
Hytaýda 2024-nji ýylda 1,8 mln patent, ABŞ-da bolsa 603 194 patent berildi. HHR-de arzalaryň 93%-den gowragyny ýerli raýatlar, ABŞ-da bolsa ýarysyndan gowragyny daşary ýurtlular tabşyrdy.
Patent hasaba almak boýunça hem Hytaý uly tapawut bilen ABŞ-dan öňe geçýär. Geçen ýyl HHR-de 1 milliondan gowrak patent hasaba alyndy, ABŞ-da bolsa olaryň sany 319 815 birlik bilen çäklendi. Bir ýyl ozal bilen deňeşdirilende Hytaýda bu mukdar 124 000 patent, ABŞ-da 4570 patent köpeldi.
Umuman alanyňda, 2024-nji ýylda dünýäde, takmynan, 3,7 mln patent tabşyryldy, bu bolsa 2023-nji ýyldakydan tas 5% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, takmynan, 2,1 mln patent hasaba alyndy.
Innowasion iş ugurlary boýunça kompýuter tehnologiýalary, elektrotehnika, ölçeg gurallary, sanly aragatnaşyk we lukmançylyk tehnologiýalary öňdebaryjydyr.
Şeýle-de, Hytaý söwda we dizaýn markalaryny hasaba almak boýunça global statistikada birinji orny eýeleýär, ol, degişlilikde, 7,3 mln we 825 müň arza bolup, bu ABŞ-dan tas dokuz esse köpdür. Dünýä bazarynda bu ugurda HHR-iň işjeňlik paýy geçen ýylyň jemi boýunça 50%-den geçdi.


03.06.2026 23:03
6k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

28.05.2026 17:08
5.9k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......