Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça teklipler hödürlenildi

  • 25.01.2025 22:16
  • 3.5k+

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary hakynda we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýanyndaky metbugat attaşesi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessuryny işläp taýýarlamak baradaky teklipleri hödürledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara şertnamalaryň 189-synyň agzasy bolup durýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan kabul edilen konwensiýalar, şertnamalar, ylalaşyklar, teswirnamalar bar. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagy we olaryň çäklerinde hereketleri amala aşyrmagy bilen bagly degişli işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň 2019-njy ýyldaky ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ählumumy Konwensiýasyny hem-de 1952-nji ýyldaky ösümlikleriň karantini we goragy hakynda halkara Konwensiýasyny görkezmek bolar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalaryň müňlerçesine gol çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza ýokary derejedäki saparlarynyň çäklerinde gol çekiljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barmak teklip edilýär. Şeýle-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek baradaky teklip beýan edildi. Şundan ugur alyp, şu ýylyň fewralynda degişli meseleler boýunça pudagara iş duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......