Geologlar Ýeriň mantiýasynyň jümmüşinde gadymy «adalary» ýüze çykardylar

  • 25.01.2025 10:36
  • 5.8k+

Ylmy barlagçylar Ýeriň mantiýasynyň jümmüşinde, Afrikanyň we Ýuwaş ummanyň aşagynda ýerleşýän ägirt uly iki sany «adanyň» azyndan ýarym milliard ýyl bäri bardygyny anykladylar diýip, Nature ylmy žurnalynda çap edildi.

Alymlar, «Süýşme tizligi pes uly sebitler» (LLSVP) diýlip atlandyrylýan we 2 müň kilometre golaý çuňlukda ýerleşýän bu ägirt gurluşlaryň öň pikir edilenden has uzak wagtdan bäri bardygyny ýüze çykardylar. Seýsmiki tolkunlaryň bu sebitlerden geçişinde nädip gowşap gidýändigini seljermek arkaly alymlar bu netijä geldiler.
Alymlar bu sebitlerde seýsmiki tolkunlaryň daş-töweregindäki sebitlere garanyňda has az gowşaýandygyny anykladylar. Bu bolsa, LLSVP-leriň örän uly minerally dänelerden durýandygyny we bu däneleriň emele gelmegi üçin uzak wagtyň zerurdygyny görkezýär.
Bu açyş Ýeriň mantiýasynyň düýpli garyşykdygy baradaky giňden kabul edilen teoriýa ters gelýär. LLSVP-leriň iri däneli gurluşy olary mantiýanyň konweksiýasyna garşy örän çydamly we durnukly edýär. Bu bolsa, olaryň mantiýa plýumlarynyň emele gelmegi bilen hem baglanyşyklydygyny görkezýär. Mantiýa plýumlary, ýeriň ýüzünde wulkanlaryň işjeňligine sebäp bolýan, gyzgyn materialy ýokary göterýän akymlardyr.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....