Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 23.01.2025 13:31
  • 4.2k+

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onda özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylda öňde durýan wajyp wezipeler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda düýpli pikir alyşmalar boldy.

"Ýer şarynyň ykdysady we ekologik abadançylygy, syýasy döwletara gatnaşyklaryň häsiýeti hem ugry köp babatda biziň suw meselelerinden netijeli baş alyp çykyşymyza baglydyr" diýip, Gahryman Arkadagymyz bu meselelerde Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine hem-de onuň bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ekologiýa meselesine geçmek bilen, dostlukly döwletiň Baştutanyna Araly halas etmegiň halkara gaznasyna netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň geljek ýyllarda hem howa we ekologiýa gün tertibinde Gazagystanyň garaýyşlaryny doly goldamagyny dowam etdirjekdigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň howa we tebigaty goramak meselelerinde BMG bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi. Ynsanperwer ulgamda Türkmenistan migrantlar, bosgunlar bilen baglanyşykly, şeýle-de raýatsyzlygy aradan aýyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Biz ýurdumyzyň apatridler we bosgunlar bilen işlemek ugrunda toplan tejribesini sebitiň beýleki döwletlerinde hem ulanmaga garamagy teklip edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ägirt uly diplomatik we döwlet tejribesini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň bu başlangyçlary barada onuň pikirini bilmek isleýändigini beýan etdi.
Dostlukly döwletiň Lideri ýurdumyzyň ählumumy derejedäki başlangyçlarynyň aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, olary durmuşa geçirmekde Gazagystanyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri goldawy, maslahatlarydyr teklipleri üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna başlamak bilen, 2025-nji ýylda Gazagystan bilen sebit hem-de halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki düýpli işlere bil baglaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada-da pikir alyşdylar. Şu maksat bilen, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtlarda şeýle geňeşmeleri Astanada guramak hem-de bu meseläniň gazak tarapy bilen ylalaşylan ýagdaýynda, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny Gazagystanyň paýtagtyna ibermek baradaky teklip beýan edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygy hem-de bäştaraplaýyn görnüşde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....