«X, senemmi?!»: Ilon Maskyň sosial tory TikTok-a meňzeş hyzmaty işe girizýär

  • 21.01.2025 23:59
  • 7.4k+

Ilon Maskyň eýeçiligindäki X sosial tory (öňki Twitter) täze funksiýany – gysga wideo lentasyny işe girizýär. Täze funksiýa ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterli bolup, meşhur hytaý platformasy bolan TikTok-a meňzeş mazmuny hödürleýär diýip, TechCrunch neşiri habar berýär.

TikTok-yň ABŞ bazaryndaky soňky «dartgynly» ýagdaýyny göz öňünde tutup, X bu mümkinçiligi elden gidermek islemeýär. Statistikalara görä, TikTok platformasyny takmynan 170 million amerikan işjeň ulanýardy. X-da wideo lentasynyň işe girizilmegindäki maksat, bu ulanyjylar köplügini pursatdan peýdalanyp öz tarapyna çekmekdir.

«Şu gün ABŞ-nyň ulanyjylary üçin täze, gyzykly wideo hyzmaty elýeterli bolýar» diýip, X-iň işläp düzüjileri aýdýarlar.

Belläp geçsek, bu kompaniýanyň şuňa meňzeş funksiýany ornaşdyrmak boýunça ilkinji synanyşygy däldir. Öň hem X gysga wideolary synap gördi, emma indi olar resmi taýdan goşundy bilen birleşdirildi.
ABŞ-da TikTok bilen bagly meseleler henizem doly ýagdaýda çözülenok. Hytaý platformasyna, ABŞ-daky paýynyň 50%-ini satmak baradaky hökümet talabyny ýerine ýetirmek üçin 75 günlük möhlet berildi. ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp, döwlet baştutany hökmünde wezipesine başlan ilkinji güni degişli karara gol çekdi.
Platformanyň mümkin bolan satyn alyjylarynyň arasynda öň Ilon Mask bilen Mr.Beast ady bilen tanalýan, YouTube-yň iň meşhur blogeri Jimmi Donaldsonyň ady tutulýardy.
The Verge-iň bellemegine görä, sosial ulgamyň takmynan 12 sagat dowam eden gadaganlygy App Store-yň iň meşhur goşundylarynyň sanawyna uly täsir ýetirdi. Sanawyň ilkinji 20-ligine blokirlemäni aýlap geçýän hyzmatlar we beýleki gysga wideo platformalary bolan Likee, Flip we Triller girýär.
Şeýle-de, hytaý bazary üçin döredilen sosial ulgam RedNote, çalt meşhurlyk gazandy. Birnäçe günüň dowamynda «TikTok-dan göçüp baran» milliondan gowrak ulanyjy şol ýere geçdi. Şol bir wagtyň özünde, RedNote täze ulanyjylaryň garaşylmadyk akymyna zordan ýetişýär: işläp düzüjiler iňlisçe gepleýän mazmun moderatorlaryny işe alýandyklaryny yglan etdiler. Esasy bäsdeşleriň biri bolan Instagram hem ABŞ-da TikTok-yň ornuny doldurmak üçin, Reels-iň dowamlylygyny 3 minuda çenli ýokarlandyrdy.


20.03.2026 19:13
4.6k+

Psihologlar TikTok-y soňsuz waraklamagy bes edip, wagtyňa erk etmek hakda maslahat berdiler

Psihologlar programmalardaky lentalary geçirenlerinde näme üçin adamlaryň saklanyp bilmeýändigini düşündirdiler we şeýle hereketi edýärkäň özüňi gaýtadan ele almagyň usulyny teklip etdiler. Soňsuz skrolling - bu sahypa aşak geçirildigisaýy mazmunyň ýüklenmek funksiýasydyr...

11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...