Bloger MrBeast TikTok-y satyn almaga synanyşar

  • 16.01.2025 19:10
  • 12k+

Dünýäde iň meşhur wideo bloger MrBeast (hakyky ady – Jimmi Donaldson) TikTok platformasyny satyn almak mümkinçiligine seredýär, ol şeýle etmek bilen wideo platformasynyň ABŞ-da gadagan edilmeginiň öňüni almak isleýär. Bu barada ol X akkauntynda habar berdi.

“Ýeri, bolýar, men TikTok-y gadagan edilmezligi üçin satyn alaryn” – diýip, YouTube blogeri postlaryň birinde ýazdy.

Ol muny ilkibaşda degişme hökmünde ýazan bolmagy hem ähtimal. Ýöne birneme soň ol has çynlakaý habarlar bilen bu postuň üstüni ýetirdi. Ol twitden soň özi bilen uly işewürleriň habarlaşandygyny aýtdy.

“Oýun edemok, twitden soň meniň bilen birnäçe milliarder habarlaşdy. Belki, bize nämedir bir zat etmek başardar” – diýip, ol belledi.

Amerikan häkimiýetleriniň çözgüdine laýyklykda, TikTok ýurtda 19-njy ýanwarda petiklener. Bu ulanyjy maglumatlarynyň Hytaý hökümetiniň bähbitleri üçin ulanylyp bilinmegi bilen baglanyşyklydyr. Platformany işläp düzüjiler şeýle aýyplamalary ret edýär we ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde çözgüdiň ýatyrylmagyny gazanmaga çalyşýar. Ýöne kazylaryň amerikan hökümetiniň delilleri bilen ylalaşmaga ýykgynlydygy barada maglumatlar peýda boldy.
Öň, hytaý häkimiýetleriniň ABŞ-nyň çäginde sosial ulgamy dolandyrmagy milliarder Ilon Maska tabşyrmak mümkinçiligini gözden geçirýändigi habar berildi.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......